Ýewro sebitinde inflýasiýa rekord derejä ýetdi

Ýewro sebitindäki 11 ýurtda iki belgili görkezijä ýeten inflýasiýa, sebitdäki 3 ýurtda bolsa 20 göterimden hem geçdi

1900102
Ýewro sebitinde inflýasiýa rekord derejä ýetdi

Ýewro sebitinde oktýabr aýynda ýyllyk inflýasiýa görkezijileri energiýanyň bahalarynyň artyşynyň täsiri bilen 10,7 göterime ýetip, häzirki wagta çenli iň ýokary derejä ýetdi. 

Ýewropanyň Statistika ofisi (Eurostat) Ýewro sebitiniň oktýabr aýynyň ýyllyk inflýasiýasy bilen bagly deslapky görkezijilerini çap etdi. 

Şoňa laýyklykda Ýewro sebitinde sentýabr aýynda 9,9 göterim bolan inflýasiýa, oktýabr aýynda 10,7 göterime çenli ýokarlady. 

Şeýlelik bilen Ýewro sebitinde oktýabr aýynda inflýasiýa görkezijileri Eurostat tarapyndan hasaba alynan soňky 25 ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. 

Ýewro sebitindäki 11 ýurtda iki belgili görkezijä ýeten inflýasiýa, sebitdäki 3 ýurtda bolsa 20 göterimden hem geçdi. 


Etiketkalar: #inflýasiýa , #sebit , #Ýewro

Degişli Habarlar