Türkiyäniň Senagat önümçiligi awgust aýynda artdy

Türkiýäniň Senagat önümçiligi awgust aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,4 göterim, ýyllyk görkezijilere görä bolsa 1 göterim ösüş etdi

1891804
Türkiyäniň Senagat önümçiligi awgust aýynda artdy

Türkiýäniň Statistika guramasy, awgust aýynyň Senagat önümçilik indeksiniň görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda awgust aýynda senenama täsirinden saplanan Senagat önümçilik indeksi, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 1 göterim ösüş etdi. 

Senenama täsirinden saplanmadyk Senagat önümçilik indeksi bolsa ýyllyk görkezijilere görä 4,05 göterim artdy. 

Möwsüm we senenama täsirinden saplanan Senagat önümçiligi awgust aýynda iýul aýyna garanyňda 2,4 göterim ösüş etdi. 



Degişli Habarlar