Bar Bolan Pul Syýasatlarynyň Dünýäni Resessiýa Sezewar Etjekdigi Beýan Edildi

BMG-niň Söwda we galkynyş düzüminiň çap eden 2022 Söwda we galynyşy habarnamasynda şu ýylyn global ösüş görkezijileri seljerilip, çaklamalara orun berildi.

1887945
Bar Bolan Pul Syýasatlarynyň Dünýäni Resessiýa Sezewar Etjekdigi Beýan Edildi

Habarnamada 2022-nji ýylyň ahyrynda global ösüşiň 2,5 göterime deň boljakdygy çaklanylýan bolsa, onuň 2023-nji ýylda 2,2 göterime düşjekdigi beýan edilýär.

Ösen ýurtlardaky duýdansyz göterim artdyrmalaryň we maliýe ulgamyndaky ýygjamlaşdyrmalaryň, koronawirus pandemiýasy we 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşiniň täsirleri bilen global ykdysady depginiň gowşamagyny aşaklama öwürendigi, onuň az we orta girdejili ýurtlar üçin howp emele getirýändigi nygtalýar.

Mysal hökmünde ABŞ-daky şu ýylky göterim artdyrmalarynyň ösüp barýan ýurtlarda jemi 360 milliard Amerikan dollaryna barabar girdeji ýitgisine sebäp boljakdygy beýan edildi.

Guramanyň Baş sekretary Rebeka Grinspan: “Ösen ýurtlardaky pul syaýsatlary we maliýe tejribeleri 2008-nji ýyldaky we 2020-nji ýyldaky Kowid-19 zarbasyndan has agyr ýitgä sebäp bolup, dünýäni global resessiýa we uzak möhletli durgunlyga sezewar etme howpuny özünde jemleýär” diýdi.

Grinspan global resessiýanyň öňüniň alynmagy üçin henizem wagtyň bardygyna ünsi çekip, ösen ýurtlary maliýe syýasatlaryny şuňa laýyklykda gaýtadan seljermäge çagyrdy.



Degişli Habarlar