Erdogan Inflýasiýa Meselesiniň Hötdesinden Geljekdiklerini Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan global wakalaryn täsiri bilen birnäçe wagtdan bäri täsirleri duýulýan inflýasiýa meselesiniň hem hötdesinden geljekdiklerini aýtdy.

1887678
Erdogan Inflýasiýa Meselesiniň Hötdesinden Geljekdiklerini Beýan Etdi

Prezident Erdogan Stambulda, Dolmabahçe ofisinde geçirilen Gatnaşyjy Maliýe Strategiýasynyň tanyşdyryş maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan koronawirus pandemiýasy we 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan energiýa serişdeleriniň we esasy önümleriň nyrhlaryndaky artyş sebäpli çuňlaşan global ykdysady çökgünligiň, ösen ýurtlaryň başda durmagynda bütin ýurtlara agyr täsir ýetirýän döwrüni başdan geçirýändiklerini aýtdy.

Global ykdysady çökgünlikleriň başdan geçirilýän ýyllarynda Türkiýäniň uzak ýyllaryň dowamynda syýasy we ykdysady bökdençliklerden gazanan tejribesi bilen özüni başga ýurtlardan tapawutlandyrmagyň hötdesinden gelendigini gürrüň beren Erdogan; “Global wakalaryn täsiri bilen birnäçe wagtdan bäri täsirleri duýulýan inflýasiýa meselesiniň hem hötdesinden gelip, enşalla Türkiýe asyryny bilelikde gurarys” diýdi.

Global ykdysady çökgünligiň zyýanly täsirinde galan pudaklaryň başynda maliýe pudagynyň durýandygyny nygtan Erodogan, ykdysdy ösüşiň lokomotiwi bolan maliýe ulgamynyň, onuň hötdesingen gelmeýäňdigini aýtdy.

Özeninde adam durmaýan ykdysady ulgamyň durnukly bolmajakdygyny beýan eden Erdogan; “Global maliýe ulgamynyň adama we ahlaga esaslanýan täze bir ulgamyň döredilmegi hökmany. Biz hem täze maliýe ulgamynyň gurulmagyna ähli goldawy bermäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar