Türkiýäniň Eksporty Artdy

Türkiýäniň eksporty awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13,1 göterim ýokarlap, 21,3 milliard dollara, importy bolsa 40,4 göterim ýokarlap, 32,5 milliard dollara ýetdi.

1886803
Türkiýäniň Eksporty Artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Söwda ministrliginiň bilelikde taýýarlan awgust aýyna degişli daşarky söwda görkezijileri çap edildi.

Şuňa laýyklykda Umumy söwda ulgamynyň çäginde eksport geçen ýylyň degişli aýyna görä 13,1 göterim ýokarlap, 21,3 milliard dollara, importy bolsa 40,4 göterim ýokarlap, 32,5 milliard dollara barabar boldy.

Awgust aýynda eksportda birinji orny 1,6 milliard dollar bilen Germaniýa eýeledi.

İkinji orny 1,4 milliard dollar bilen ABŞ, üçünji orny bolsa 1,2 milliard dollar bilen Yrak eýeledi.



Degişli Habarlar