Ýewronyň Hümmetiniň Aşaklamagy Materikde Resessiýa Ähtimallygyny Artyrýar

Bütindünýä bankynyň BAşlygy Dewid Malpass Ýewropanyň pul birligi ýewronuň hümmetiniň aşaklamagynyň we ýokary inflýasiýasynyň materikde resessiýa ähtinallygyny artyrandygyny beýan etdi.

1886331
Ýewronyň Hümmetiniň Aşaklamagy Materikde Resessiýa Ähtimallygyny Artyrýar

Malpass, Stanford uniwersitetinde gçirilen çärede sözlän sözünde, dünýäniň yzly-yzyna gelen çökgünlikleri başdan geçirýäňdigini aýtdy.

Dünýä üçin iň ýakyn howpuň global ösüş depgininiň düýpli aşaklamanyň global resessiýa öwrülme howpydygyny beýan eden Malpass, ösüp barýan ençeme ýurduň pandemiýadan öň adam başyna düşýän milli girdeji derejesine ýetip bilmändigini nygtady.

Malpass, ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ýylyň birinji çärýeginde aşaklandygyny ýatladyp, Hytaýyň ykdysady ösüşiniň hem koronawirus pandemiýasyna garşy görülen karantin çäreleri sebäpli düýpli haýallandygyny aýtdy.

Ýewropanyň bolsa Russiýanyň Ukrainada 24-nji fewralda baladan söweşi sebäpli energiýa serişdeleriniň nyrhlarynda duýdansyz artmagyna sezewar bolandygyna ünsi çeken Malpass; “Ýewronyň ejizligi we ýokary inflýasiýa Ýewropada resessiýa ähtimallygyny artdyrdy hem-de ýewro giňişliginde uzak möhletde ösüş depginini hasam çäklendirdi” diýdi.



Degişli Habarlar