Türkiýe Ançous Eksportundan 7,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazandy

Türkiýeden 8 aýda 24 ýurda ançous balygynyň eksport edildi

1884758
Türkiýe Ançous Eksportundan 7,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazandy

Türkiýe ançous eksportundan 8 aýda 7,5 million dollarlyk girdeji gazandy.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiýeden 8 aýda 24 ýurda ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Gürdogan ançous eksportunda Fransiýanyň, Belgiýanyň we ABŞ-nyň esasy orun eýeleýändigini belledi.

Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde Fransiýa 1343 tonna ançous eksport edilip 7 million 495 müň 323 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Geçen ýyldan tapawutly ýagdaýda üstümizdäki ýyl Omana, Katara, Gazagystana, Siriýa we Günorta Koreýa ançous eksport edildi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar