Banan Önümçiligi 5 Ýylda 139,4 Göterim Artdy

Soňky 5 ýylda 455,5 tonna banan eksport edilip 450,9 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

1884520
Banan Önümçiligi 5 Ýylda 139,4 Göterim Artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine göra, 2017-2021-nji ýyllaryň aralygynda banan önümçiligi 139,4 göterim artdy.

Soňky 5 ýylda 139,4 göterim artan banan önümçiliginde Mersin welaýaty esasy orun eýeledi.

Mersinde geçen ýyl 455 müň tonna banan öndürildi.

Mersinden soň 376 müň tonna bilen Antalýa banan önümçiliginde ikinji orny eýeledi.

Banan önümçiliginde Adana, Hataý we Mugla welaýatlary hem ünsleri özüne çekdi.

Önümçiligiň artmagy bilen birlikde banan eksporty hem artdy, banan importy bolsa azaldy.

Soňky 5 ýylda 455,5 tonna banan eksport edilip 450,9 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Türkiýäniň banan eksportunda geçen ýyl Siriýa, DKTR we Gruziýa esasy orun eýeledi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #önümçilik , #banan

Degişli Habarlar