57 Ýurda 29 Million 982 Müň Dollarlyk Bal Eksport Edildi

8 aýda 11 müň 432 tonna bal eksport edilip 29 million 982 müň 111 dollarlyk girdeji gazanyldy

1881742
57 Ýurda 29 Million 982 Müň Dollarlyk Bal Eksport Edildi

Türkiýeden ýanwar-awgust aýlarynda 29 million 982 müň dollarlyk bal eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwrüne 57 ýurda bal eksport edilendigini aýtdy.

8 aýda 11 müň 432 tonna bal eksport edilip 29 million 982 müň 111 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Kalýonju, bal eksportunyň 80 göterim artandygyny ýatlatdy.

Bal eksportunda ABŞ-nyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň esasy orun eýeleýändigini nygtan Kalýonju “8 aýda ABŞ-da 11 million 31 müň 296, Ispaniýa 4 million 477 müň 118 we Germaniýa hem 4 million 66 müň 311 dollarlyk bal satyldy” diýdi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, şu ýyl Sloweniýa, Peru, Daniýa, Liwan, Ýemen, Yrak, Wenesuela, Bangladeş, Demirgazyk Makedoniýa we Portugaliýa ýaly birnäçe ýurda bal eksport edendiklerini ýatlatdy.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar