Türkiýäniň Russiýa Edýän Eksporty Artdy

Türkiýäniň Russiýa edýän eksporty awgust aýynda 738 million 527 müň dollara barabar bolup, ol rekord derejä çenli baryp ýetdi.

1878041
Türkiýäniň Russiýa Edýän Eksporty Artdy

Türkiýäniň Russiýa edýän eksporty awgust aýynda 738 million 527 müň dollara barabar boldy.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi Russiýanyň dünýä ýurtlary bilen edýän söwda gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Türkiýe bolsa alyp barýan deňagramly daşary syýasaty sebäpli Russiýa bilen edýän söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen dowam etdirýär.

Türkiýäniň Eksportçiler birleşmesiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň Russiýa edýän eksporty awgust aýynda 738 million 527 müň dollara barabar bolup, ol rekord derejä çenli baryp ýetdi.

Türkiýäniň Russiýa eden eksportunda himikki maddalar esasy orun eýeleýär.

 


Etiketkalar: #artmak , #eksport , #Russiýa

Degişli Habarlar