Stambul Howa Menzili Türkiýä 117 Milliard Ýewrolyk Girdeji Gazandyrdy

Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglu, Stambul howa menziliniň ykdysadyýete goşan goşandygy hakynda maglumat berdi.

1867414
Stambul Howa Menzili Türkiýä 117 Milliard Ýewrolyk Girdeji Gazandyrdy

Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglu, Twitterden beren habarnamasynda 2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda ulanylmaga berlen Stambul howa menziliniň ykdysadyýete goşan goşandygy hakynda maglumat berdi.

Maýa goýum gymmaty 10,25 milliard ýewro barabar bolan Stambul howa menzili üçin döwletiň hiç hili çykdyjy etmändigini nygtan Karaismailoglu, “Kireýi üçin jemi alynjak töleg, 26 milliard ýewro. Ulanylmaga berlen gününden bäri ykdyasdyýete 80,7 milliard ýewrolyk goşant goşdy. Türkiýä jemi 117 milliad ýewrolyk girdeji gazandyrdy” diýdi.

Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglu, habarnamasynda, “Stambul howa menzili milli girdejä 23,75 milliard ýewrolyk, önümçilige 51,3 milliard ýewrolyk, eksporta 4,2 milliard ýewrolyk, salgyda 1,23 milliard ýewrolyk goşant goşdy we 972 müň adam üçin iş mümkünçiligi döredi” diýip belledi

 



Degişli Habarlar