7 Aýda Bal Eksportundan 26 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

7 aýda 56 ýurda bal eksport edildi

1866133
7 Aýda Bal Eksportundan 26 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türkiýede 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan 7 aýlyk döwürde bal eksportundan 26 million 226 müň 544 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe 56 ýurda bal eksport edilendigini aýtdy.

Ady agzalýan döwürde 9 müň 923 tonna bal eksport edilip 26 million 226 müň 544 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Kalýonju, geçen ýyl 7 aýda 4 müň 268 tonna bal eksport edilip 14 million 910 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, 7 aýda ABŞ-da 9 million 286 müň 358, Germaniýa 3 million 904 müň 203 we Ispaniýa hem 3 million 378 müň 193 dollarlyk bal eksport edilendigini belledi.

Kalýonju şu ýyl ilkinji gezek Sloweniýa, Daniýa, Liwana, Ýemene, Yraga, Demirgazyk Makedoniýa, Wenesuela, Mawritaniýa, Bangladeşe, Taýwana we Portugaliýa bal eksport edilendigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar