Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi

Çaý eksporty 18 göterim artdy.

1865475
Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi

Türkiýeden ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda 13,17 million dollarlyk çaý eksport edildi. Gündogar Garadeňiz Eksportçylar Bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gündogan Türkiýeden ýylyň 7 aýynda 100 ýurda çaý eksport edilendigini aýtdy.

Gündogan 4094 tonna çaý eksportundan 13,17 million dollarlyk girdeji alynandygyny beýan etdi.

Gündogar geçen ýylyň degişli döwründe 2,820 tonna çaý eksportundan 11,15 million dollar girdeji alynandygyny nygtap; “Çaý eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä mukdar taýdan 45, gymmaty taýdan 18 göterim artdy. Belgiýa, Britaniýa we Germaniýa esasy çaý eksport edilen 3 ýurt boldy” diýdi.



Degişli Habarlar