TOGG-yň Doldurgyjy Synaglara Başlady
Türkiýäniň Awtoulag Başlangyç Toparynyň (TOGG) doldurgyç markasy “TruGo” öndüren doldurgyç enjamlarynyň synagyna başlady.
1864159

“TruGo-nyň” Twitter hasabyndan berilen habarnamada; “Gemlikdäki desgamyzda gurnalan ilkinji “TruGo” doldurgyç enjamymyzy üznüksiz sarp ediji tejribesini dizaýn etmek üçin synaglara başladyk” diýilýär.
Habarnamadaky synag bilen wideo ýazgyda enjamyn 25 minutda batareýanyň 80 göterimine çenli doldurýandygy görülýär.
TOGG-dan geçen aý berilen beýannamada tokly ulag sürüjileriniň doldurgyç bekedi bilen bagly işlegini kanagatlandyrmagy nazarda tutýan “TruGo-nyň” ýol gatnawy köp bolan ugurlarda 25, az gatnawly ýerlerde bolsa 50 kilometr aralykda doldurgyç enjamlarynyň gurnaljakdygy habar berilipdi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ilkinji Ýerli Awtoulagyny Synagdan Geçirdi
TOGG-yň SUW modeli 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkiýede satuwa çykar.