Ýewro Giňişliginde Inflýasiýa Ýokarlaýar

Ýewro giňiliginde iýul aýyndaky ýyllyk Inflýasiýa energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň täsiri bilen 8,9 göterime barabar boldy.

1861198
Ýewro Giňişliginde Inflýasiýa Ýokarlaýar

Ýewropanyň Hasabat guramasy Ýewro giňişliginiň iýul aýyna degişli ýyllyk Inflýasiýa görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda Ýewroa giňişliginde iýun aýynda 8,6 göterime barabar bolan ýyllyk Inflýasiýa 8,9 göterime deň boldy.

Ýewro giňişliginde iýul aýyndaky Inflýasiýanyň esasy pudaklaryna seredilende iň ýokary ýyllyk inlfýasiýa 39,7 göterim bilen energiýada boldy. Energiýadan soň azyk, spirtli içgiler we temmäki önümleri, energetika degişli bolmadyk senagat önümleri we hyzmatlar pudaklary durýar.

Inflýasiýa iýul aýynda Germaniýada 8,5, Ispaniýada 10,8, Italiýada 8,4, Belgiýada 10,4, Gresiýada 11,5, Slowakiýada 12,8, Gollandiýada 11,6, Litwada 20,8, Latwiýada 21 we Estoniýada 22,7 göterime deň boldy.



Degişli Habarlar