Türkiýäniň Bal Eksporty 75 Göterim Artdy

46 ýurda 8 müň 892 tonna bal eksport edildi

1860190
Türkiýäniň Bal Eksporty 75 Göterim Artdy

Türkiýäniň bal eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 75 göterim artdy.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 46 ýurda 8 müň 892 tonna bal eksport edildi.

Bal eksportundan 23 million 829 müň 670 dollarlyk girdeji gazanyldy.

ABŞ, Germaniýa we İspaniýa bal eksportunda esasy orun eýeledi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar