Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy

Türkiýäniň maý aýyndaky eksporty 15,2 göterim artyp 18 milliard 972 million dollara barabar boldy.

1845209
Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň maý aýyndaky eksporty geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 15,2 göterim artyp 18 milliard 972 million dollara barabar boldy.

Maý aýynda Türkiýäniň Senegala, Dominik Respublikasyna, Demirgazyk Makedoniýa, Ruanda, Täjigistana, Kameruna, Kosta-Rika we Garadaga edýän eksporty artdy.

Türkiýe ady agzalýan döwürde Senegala 87 million 265 müň, Dominik Respublikasyna 71 million 236 müň, Demirgazyk Makedoniýa 66 million 522 müň, Ruanda 32 million 54 müň, Täjigistana 31 million 500 müň, Kameruna 30 million 844 müň, Kosta-Rika 28 million 409 müň we Garadaga 28 million 255 müň dollarlyk haryt eksport etdi.

 


Etiketkalar: #Kosta-Rika , #Ruanda , #eksport

Degişli Habarlar