Türkiýäniň Ykdysadyýetiniň Ösüş Depginini 4,5 Göterim Bolar
“Fitch Ratings” Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýylky ösüş depgini boýunça çaklamasyny 2,4 göterimden 4,5 göterime çykardy.

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitch Ratings” Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýylky ösüş depgini boýunça çaklamasyny 2,4 göterimden 4,5 göterime çykardy.
“Fitch” Global ykdysady panorama habarnamasynyň iýun aýyndaky sanyny “Gyşarnyksyz pul syýasatynyň övrümi” söz başyly bilen çap etdi.
Türkiýäniň ykdysdyýeti boýunça analizlere orun berilen habarnamada, ýurduň ykdysadyýetiniň ýylyň birinji çärýeginde garaşylýanyndan has ýokary performana eýe bolandygy beýan edilýär.
Habarnamada importuň eksporta garalanda azalandygy, maýa goýumlaryň goşmaça goldavy üpjün edendigi, sövdadan gelen artyşyň ösüşi ýola goýandygy mälim edilýär.
Kredit derejelendiriş guramasynyň habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 4,5 göterim, 2023-nji ýylda 3 ve 2024-nji ýylda 2,9 göterim ösüş etmegine garaşylýandygy beýan edilýär.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Enjam Eksporty Artýar
Türkiýäniň enjam eksporty ýylyň 5 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 8,3 göterim artdy.

Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy
Türkiýäniň maý aýyndaky eksporty 15,2 göterim artyp 18 milliard 972 million dollara barabar boldy.