Rizeden 19 Ýurda Çaý Eksport Edildi
Rizeden 4 aýda 19 ýurda çaý eksport edildi

Rize welaýatyndan üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 2 million 869 müň 310 dollarlyk çaý eksport edildi.
Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Hamdi Gürdogan, Rizeden 4 aýda 19 ýurda çaý eksport edendiklerini aýtdy.
Ady agzalýan döwürde 1045 tonna çaýyň eksport edilendigini we 2 million 869 müň 310 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, “4 aýda Belgiýa 1 million 660 müň 323, Ukraina 2987 müň 873 we ABŞ-na 152 müň 978 dollarlyk çaý eksport edildi” diýdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Enjam Eksporty Artýar
Türkiýäniň enjam eksporty ýylyň 5 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 8,3 göterim artdy.

Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy
Türkiýäniň maý aýyndaky eksporty 15,2 göterim artyp 18 milliard 972 million dollara barabar boldy.