Ilon Mask Twitteri satyn alýar

Twitter mesele bilen bagly beýanat berdi

1818228
Ilon Mask Twitteri satyn alýar

SpaceX we Tesla ýaly kärhanalaryň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ilon Mask, sosial media platformasy Twitteri 44 milliard dollara satyn almak üçin ylalaşdy. 

Twitterden mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Her bir aksiýasyna 54,20 dollara, ýagny takmynan 44 milliard dollar gymmadynda satylmak barada ylalaşyga gelindi" diýip habar berildi. 

Beýanatda satuw işleriniň tamamlanmagyndan soň, Twitteriň hususy kärhana ýagdaýyna öwrüljekdigi mälim edildi. 

Ilon Mask bolsa öz gezeginde: "Söz azatlygy, işleýän demokratiýanyň özenini emele getirýär we Twitter adamzadyň gelejegi üçin möhüm meseleleriň maslahatlaşylýar sanly şäher meýdançasydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar