Ýewro Sebitinde Mart Aýynyň Inflýasiýa Ýokarlady

Ýewro sebitinde mart aýynda ýyllyk inflýasiýa 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söeweşi we energiýa serişdeleriniň nyrhynyň ýokarlamagy sebäpli 7,4 göterime ýetdi.

1815881
Ýewro Sebitinde Mart Aýynyň Inflýasiýa Ýokarlady

Ýewropanyň Hasabat Ofisi (Ýewrostat) ÝB-niň we Ýewro sebitiniň mart aýyna degişli ýyllyk inflýasiýa görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda ÝB-de fewral aýynda 6,2 göterime barabar bolan ýyllyk inflýasiýa 7,8 göterim boldy. Ýewro sebitinde bolsa 5,9 göterime barabar bolan ýyllyk inflýasiýa mart aýynda 7,4 göterime ýetdi.

Ýewro sebitinde inflýasiýa hasabatlary 1997-nji ýylda ýöredilmäge başlanypdy.

Şeýlelikde Ýewro sebitinde mart aýyndaky inflýasiýa, görkezijileriň Ýewrostat tarapyndan tutulan 25 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi.



Degişli Habarlar