Ançous Eksportundan 8 Million 267 Müň 741 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

28 ýurda 1751 tonna ançous eksport edildi.

1814383
Ançous Eksportundan 8 Million 267 Müň 741 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Ançous eksporty geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 23 göterim artyp 8 million 267 müň 741 dollara barabar boldy.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan we 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde tamamlanan balykçylyk möwsüminde 28 ýurda 1751 tonna ançous eksport edildi.

Ady agzalýan eksportdan 8 million 267 müň 741 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Eksport sanawynda Fransiýa, Belgiýa we Germaniýa esasy orun eýeledi.

2021-2022 möwsüminde ilkinji gezek Ruminiýa, Katara, Siriýa we Keniýa hem ançous eksport edildi.

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar