Turkish Cargo 61 Ýurda 335 Million Sanjym Daşady

Firma 132 ýurda lukmançylyk enjamlaryny ýetirdi

1808238
Turkish Cargo 61 Ýurda 335 Million Sanjym Daşady

THÝ-dan berlen beýannama görä, dünýäniň çalt depginde ösýän howaýoly arkaly ýük daşaýan firmalaryndan biri bolan Turkish Cargo täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýetiren ýaramaz täsiriniň dowam edýän günlerinde 61 ýurda 335 million doza sanjym ýetirdi.

Turkish Cargo, epidemiýa döwründe dünýäniň çar tarapyna lukmançylyk enjamlaryny ýetirdi.

132 ýurda lukmançylyk enjamlaryny ýetiren firma, saglygy goraýyş pudagynda 2021-nji ýylda 8 göterimlik bazar paýyna eýe boldy.

Kovid-19 sanjymlaryny öndüriji ýurtdan Türkiye Respublikasyna, Türkiyeden bolsa dünýäniň çar tarapyna ýetiren Turkish Cargo, 2021-nji ýylda iň köp sanjymy Türkiye Respublikasyna getirdi.

Türkiyeden soň sanawda 100 million doza sanjym bilen Braziliýa ikinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar