Türkiye Goňşy Ýurtlara 5,6 Milliard Dollarlyk Eskport Etdi

Türkiye ýylyn birinji çärýeginde goňşy ýurtlar Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa 5,6 milliard dollarlyk eksport etdi.

1808088
Türkiye Goňşy Ýurtlara 5,6 Milliard Dollarlyk Eskport Etdi

Söwda ministrligi bilen Türkiyänin eksportçular mejlisiniň görkezijilerine görä Türkiyäniň eksporty mart aýynda geçen ýylyn degişli aýyna görä 19,8 göterim ýokarlap, 22,7 milliard dollara barabar boldy.

Şol mukdar ähli döwürleriň iň ýokary mart aýy eksport görkezijisi hökmünde bellige alyndy.

Ýurt ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda bolsa 60,2 milliard dollarlyk eksport amala aşyrdy.

Ol, “in ýokary çäýek eksport” performasy hökmünde bellige alyndy.

Türkiye birinji çärýekde Eýrana, Gresiýa, Yraga, Gruziýa, Siriýa we Bolgariýa 5,6 milliard dollarlyk eksport etdi.

Bu mukdar geçen ýylyň degişli döwründe 4,3 milliard dollara barabardy.

Şeýlelikde adybir ýurtlara edilen eksport ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda geçen ýylyn degişli döwrüne görä 30,4 göterim artdy.

Birinji çärýekde iň ýokary eksport 2,4 milliard dollar bilen Yraga edildi.

Türkiyeden 3 aýyň dowamynda goňşy ýurtlara edilen eksport pudaklara görä seljerilende “himiki maddalar we önümleri” pudagynyň birinji orny eýeländigi görülýär.



Degişli Habarlar