Türkiýäniň Enjam Eksporty 12,4 Göterim Artdy

Türkiýäniň enjam eksporty ýylyň 2 aýynda 12,4 göterim artyp, 4 milliard dollara barabar boldy.

1796676
Türkiýäniň Enjam Eksporty 12,4 Göterim Artdy

Enjam eksportçylary bileleşiginiň görkezijilerine görä enjam pudagynyň eksporty ýanwar-fewral aýlarynda 4 milliard dollara ýetdi.

Eksporty mukdar taýdan 8,5 göterim artdyran pudak, kilogram başyna eksport girdejisini 6 dollardan geçirdi.

Degişli döwürde esasy enjam eksporty edilen ýurtlar Germaniýa we ABŞ-ny boldy. Üçünji orny eýelän İtaliýa eksportda edilen artyrş 19,3 göterime deň boldy.

Enjamlaryň ýanwar-fewral aýlaryndaky eksporty Russiýa 55,3 we Ukraina 40,3 göterim artdy.

Russiýanyň we Ukrainanyň Türkiýäniň jemi enjam eksportundaky paýy 5,5 göterim boldy.



Degişli Habarlar