Türkiýe 2 aýda 337 tonna ançous eksport etdi

Türkiýeden ýanwar-fewral aýlary aralygynda Belgiýa başda bolmak bilen dünýäniň 15 ýurduna ançous eksport etdi

1795903
Türkiýe 2 aýda 337 tonna ançous eksport etdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Hamdi Gürdogan, Türkiýeden şu ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwründe 337 tonna ançous eksport edilendigini habar berdi. 

Ady agzalan eksportdan 1 million 663 müň 26 dollar girdeji alynandygyny aýdan Gürdogan, iň köp eksportyň Belgiýa amala aşyrylandygyny mälim etdi. 

Gürdogan, şol wagt aralygynda Belgiýa 566 müň 872 dollarlyk ançous eksport edilendigini, Belgiýadan soň bolsa iň köp Fransiýa we ABŞ-na ançous eksport edilendigini aýan etdi. 

Ady agzalan döwürde Ispaniýanyň eksportyny iň köp artdyran ýurt bolandygyny aýdan Gürdogan, ýylyň ilkinji 2 aýynda şeýle hem Italiýa, Keniýa we Siriýa ançous satylandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Belgiýa , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar