Gazprom: "Ýewropada tomus aýynda ýygnalan tebigy gaz gutardy"

Russiýanyň Gazprom kärhanasy, tomus aýlarynda Ýewropadaky ýeriň astyndaky ammarlara ýygnalan tebigy gazyň ählisiniň sarp edilendigini mälim etdi

1787172
Gazprom: "Ýewropada tomus aýynda ýygnalan tebigy gaz gutardy"

Gazprom kärhanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ýewropadaky gaz ammarlaryndaky tebigy gazyň çalt depginler bilen azalýandygy habar berildi. 

Beýanatda: "Gas Infrastructure Europe tarapyndan berilen beýanata görä Ýewropadaky ýeriň astyndaky ammarlara ýygnalan tebigy gazyň diňe 21,5 göterimi galdy. Tomus aýlarynda Ýewropadaky ýeriň astyndaky ammarlara doldurylan tebigy gaz bolsa dolulygyna sarp edildi" diýip aýan edildi. 

Ýagdaýyň kynçylyklara sebäp boljakdygy bellenen beýanatda: "Bu ammarlama desgalarynyň tehnologik ýeterliligi bilen çäklendirilen günlük mukdary göz öňünde tutulanda örän uly kynçylykdyr. Mundan başgada Ýewropa bazaryndaky ýagdaý ösüp barýan Aziýa bazarlaryndaky ýagdaý bilen ýakyndan baglanşyklydyr" diýip beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Gazpromyň wekili Sergeý Kupriýanow, Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa rus gazynyň eksportynyň gündelik ortaça 100 million kub metre derejesinde amala aşyrylýandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #ammar , #eksport , #tebigy gaz , #Gazprom

Degişli Habarlar