Türk Senagat Pudagy Ýyla Depginli Başlady

Türk senagat pudagy ýanwar aýynda eden 13,12 milliard dollarlyk eksporty bilen ýyla depginli başlady.

1776575
Türk Senagat Pudagy Ýyla Depginli Başlady

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezijilerine görä ýurduň eksporty ýanwar aýynda 17,3 göterim ýokarlap, 17,6 milliard dollara barabar boldy.

Senagat pudagynyň eksporty bolsa ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 18,4 göterim ösüş edip, 13,12 milliard dollarlyk eksport etdi. Pudagyn eksporty geçen aýky jemi eksportyň 74,6 göterimini emele getirýär.

Senagatyň pudaklarynyň arasynda geçen aý iň ýokary eksporty 2,23 milliard dollar bilen awtoulag pudagy amala aşyrdy.

Awtoulag pudagyndan son 2,13 milliard dollar bilen himiki maddalar we önümleri, 1,63 milliard dollar bilen demir-polat pudagy, 1,59 milliard dollar bilen trikotaž we egin-eşik pudagy, 1,12 milliard dollar bilen demir we demir däl metallar pudagy senagat pudagyndaky ilkinji bäşlige goşuldy.



Degişli Habarlar