Sarp gümrük geçelgesinden eksport 69 göterim artdy

Türkiýäniň Gruziýa açylan Sarp gümrük geçelgesinden geçen ýyl amala aşyrylan eksport 2020-nji ýyla garanyňda 69 göterim artdy

1769297
Sarp gümrük geçelgesinden eksport 69 göterim artdy

Sarp raýat dolandyrş edarasyndan berilen maglumata görä, Türkiýäniň Kawkaza we Orta Aziýa açylan gapysy bolan Sarp gümrük geçelgesinden ýurda geçen ýyl 205 müň 407 ulag girdi, 242 müň 738 ulag çykdy, gümrük geçelgesinden jemi bolsa 448 müň 145 ulag geçdi. Şol ulaglaryň 365 müň 340-y söwda maksatly girip-çykan ýük ulaglaryndan ybarat boldy. 

Artwin welaýatynyň Hopa etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Osman Akýürek, Sarp gümrük geçelgesinden 2021-nji ýylda 1 milliard 131 million 797 müň dollarlyk eksportyň amala aşyrylandygyny belläp: "Ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende uly artyş bar. 2020-nji ýylda şol görkeziji 667 million dollardy. Takmynan 69 göterimlik artyş hasaba alyndy" diýip beýan etdi. 

Akýürek importyň bolsa 130 million 834 müň dollar bolandygyny belläp: "Ykdysadyýetde eksportyň importa bolan gatnaşygy örän möhüm. Sarp gümrük geçelgesinden eksportymyz importymyzdan 90 göterim köp. Bu ykdysady görkeziji hökmünde örän möhüm" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar