Türkiýäniň Aýakgap Ekposrty 22,9 Göterim Artdy
Türkiýäniň aýakgap eksportynda 82,5 million dollar bilen Russiýa esasy orun eýeledi.

Türkiýäniň aýakgap eksporty 2021-nji ýylda 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 22,9 göterim artyp ilkinji gezek 1 milliard dollardan geçdi.
Türkiýäniň deri we deri önümleri eksporty hem 2021-nji ýylda 29,6 göterim artyp 1,73 million dollara barabar boldy.
Deri we deri önümleri pudagynda esasy orun eýeleýän aýakgap eksporty ýyllyk 22,9 göterim artdy.
2020-njy ýylda 818,4 million dollara barabar bolan aýakgap eksporty 2021-nji ýylda 1 milliard 6 million dollara ýetdi.
Türkiýäniň aýakgap eksportynda 82,5 million dollar bilen Russiýa esasy orun eýeledi.
Russiýadan soň 75,5 million dollar bilen Yrak ikinji, 70,1 million dollar bilen Germaniýa üçünji, 64,3 million dollar bilen Ispaniýa dördünji, 40,8 million dollar bilen Ruminiýa bäşinji orny eýeledi.
Degişli Habarlar

Dawos Sammiti Öz Işine Başlady
Soňky gezek 2020-njy ýylyň ýanwar aýynda geçirlen forum, epidemiýa sebäpli iki ýyl yza süýşürlipdi.