Stambuldaky howa menzilleri geçen ýyl ýolagçylarynyň sanyny 22 million adam artdyrdy

Ýewropada geçen ýyl howa ýollary arkaly syýahat eden adamlaryň 7 göterimine hyzmat beren Stambuldaky howa menzilleri, ýolagçylarynyň sanyny 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 22 million adam artdyrdy

1763816
Stambuldaky howa menzilleri geçen ýyl ýolagçylarynyň sanyny 22 million adam artdyrdy

EUROKONTROL tarapyndan berilen maglumata görä, geçen ýyl Ýewropa materiginde daşary ýurt we ýurtlaryň öz içinde takmynan 900 milllion ýolagçy syýahat etdi. 

Ýewropada 2021-nji ýylda syýahat eden ähli ýolagçylaryň 7 göterimine hyzmat beren Stambuldaky howa menzilleri, 2020-nji ýylda bolsa Ýewropadaky jemi ýolagçylaryň 5 göterimine hyzmat beripdi. 

Geçen ýyl Stambuldaky ähli howa menzillerinde ýurdyň içindäki uçar saparlary boýunça 26 million 713 müň 191 ýolagça, daşary ýurt uçar saparlary boýunça bolsa 35 million 432 müň 79 ýolagçy bolmak bilen jemi 62 million 145 müň 270 ýolagça hyzmat berildi. 

Stambuldaky howa menzillerinde 2020-nji ýylda bolsa 40 million 361 müp 570 ýolagça hyzmat berilen bolsa, geçen 2021-nji ýylda şol görkezijä görä 54 göterimlik artyş bilen, ýagny 21 million 783 müň 700 ýolagçy artdyrylyp, jemi 62 million 145 müň 270 ýolagça hyzmat berildi. 



Degişli Habarlar