Ministr Dönmez: "Bor elementinde 1 milliard dollarlyk satuw bilen rekord goýuldy" diýdi

Dönmez, paýtagt Ankara şäherinde Eti magdan Baş müdürliginde geçirilen Bor seminarynda söz sözledi

1753655
Ministr Dönmez: "Bor elementinde 1 milliard dollarlyk satuw bilen rekord goýuldy" diýdi

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez: "2,5 million tonnasy eksport bolmak bilen, jemi 2,6 million tonnalyk bor önümleriniň satuwyny amala aşyrdyk. Ondan 1 milliard dollardan gowrak girdeji alyp, rekord goýdyk" diýip habar berdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, paýtagt Ankara şäherinde Eti magdan Baş müdürliginde geçirilen Bor seminarynda, Türkiýäniň dünýä bor bazarynyň lideri ýagdaýyndadygyna ünsleri çekip: "2021-nji ýylda epidemiýa şertlerine garamazdan bor elemenetiniň önümçiliginde, eksportynda we satuwynda rekord goýdyk. 2,5 million tonnasy eksport etmek bilen, jemi 2,6 million tonnalyk bor elementiniň satuwyny amala aşyrdyk. Ondan 1 milliard dollardan gowrak girdeji alyp, rekord goýdyk. Şu günki gün bor bazarynyň 62 göterimine eýediris" diýip mälim etdi.  



Degişli Habarlar