Liwiýadan Ikinji Ýolagçy Gämisi Geldi

Ilkinji gämi 3 million dollarlyk ýük bilen Türkiýeden gidipdi.

1749809
Liwiýadan Ikinji Ýolagçy Gämisi Geldi

Liwiýadan 25 ýyl soň ýaňadandan başlan ýolagçy gämi gatnawlarynyň çäginde Misrata şäherinden ýola çykan ikinji gämi İzmir portuna geldi.

"Kewalaý Queen" atly gämi bilen 200 ýolagçy şähere geldi.

Şähere gelen ýolagçylaryň İzmiriň we golaýdaky welaýatlaryň söwda we syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşmagyna garaşylýar.

Ýolagçy gämisi 1 hepde soň ýekşenbe güni agşam Liwiýa tarap ýola çykar. Türkiýeli 40 işewüriň hem gämi bilen Liwiýa gitmegine garaşylýar.

Üstümizdäki aýyň başlan gämi gatnawyna uly gyzyklanma görkezilýär.

Ilkinji gämi 3 million dollarlyk ýük bilen Türkiýeden gidipdi.



Degişli Habarlar