Galla, Däne, Ýagly Tohumlar we Önümleri Pudagynyň Eksporty Ýokarlady

Türkiýede galla, däne, ýagly tohumlar we önümleri pudagynyň ýylyň 11 aýlyk döwründäki eksport 8,2 milliard dollardan geçdi.

1747837
Galla, Däne, Ýagly Tohumlar we Önümleri Pudagynyň Eksporty Ýokarlady

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä bereketli topraklara eý ebolan Türkiýe ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygyndaky döwürde 214 ýurtda 9,7 million tonna galla, däne we ýagly tohum eksport etdi.

Pudagyň eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä 25,9 göterim artyp, 8 milliard dollardan geçdi.

Hili we tagamy bilen dünýädäki üpjün edijilerden talap bildirilýän türk oba hojalyk önümleri esasan Ýakyn Gündogar sebitinde ýerleşýän ýurtlara ugradyldy.

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna 3,2 milliard dollarlyk eksport amala aşyryldy.

Afrika ýurtlaryna 1,9 milliard dollarlyk, Ýewropa ýurtlaryna 8,7 million dollarlyk oba hojalyk önümleri eksport edildi.

Eksportda birinji orny eýeleýän Yraga 1,4 milliard dollardan gowrak galla we däne önümleri satyldy.

Nobaty bilen Siriýa we ABŞ-na hem ýokary mukdarda oba hojalyk önümleri eksport edildi.



Degişli Habarlar