THÝ 1019 Uçar Sapary Bilen Ikinji Orny Eýeledi

Pegasus howa ýollary hem 401 uçar sapary bilen sanawda onunjy orny eýeledi.

1740519
THÝ 1019 Uçar Sapary Bilen Ikinji Orny Eýeledi

Ýewropa Howa gatnawy gullugynyň noýabr aýynyň 22-28-i aralygynda Ýewropa ýurtlarynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilerine görä, bir hepdede Ýewropada 140 müň 322 uçar sapary, günde 20 müň 53 uçar sapary guraldy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy girizilen çäklendirmeleriň esasy böleginiň bes edilmeginden soň Irlandiýanyň Ryanair firmasy günde 2 müň 103 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň köp uçar saparyny guran howa ýoly firmasy boldy.

THÝ 1019 uçar sapary bilen ikinji,  Lufthansa howa ýollary 934 uçar sapary bilen üçünji orny eýeledi.

Pegasus howa ýollary hem 401 uçar sapary bilen sanawda onunjy orny eýeledi.



Degişli Habarlar