Mehmet Muş: "Türkiýe eksport bilen ösmäge dowam edýär" diýdi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, Türkiýäniň eksport bilen ösümäge dowam edýändigini habar berdi

1740788
Mehmet Muş: "Türkiýe eksport bilen ösmäge dowam edýär" diýdi

Söwda ministri Mehmet Muş, Twitter hasabyndan Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan aýan edilen şu ýylyň 3-nji çärýegi bilen bagly ösüş görkezijileri barada beýanat berdi. 

Mehmet Muş: "Ykdysadyýetimiz şu ýylyň 3-nji çärýeginde 7,4 göterim ösüş etdi. Eksportyň ösüşe goşandy 6,8 bal boldy. Ösüşimiziň 92 göterimi ekspordyň goşandygy bilen amala aşyryldy. Eksport ösüşimiziň itergi beriji güýji bolmaga dowam eder" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar