Türkiýe deňiz önümleri eksporty boýunça rekord goýdy

Türkiýe deňiz önümleri şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 1 milliard 97 millio dollarlyk eksport amala aşyryp, rekord goýdy

1736099
Türkiýe deňiz önümleri eksporty boýunça rekord goýdy

Türkiýäniň 2020-nji ýyldaky deňiz önümleri eksporty 1 milliard 52 million dollar boldy. Şol görkeziji Türkiýäniň iň ýokary deňiz önümleri eksporty hökmünde hasaba alyndy. 

Pudakdan 2021-nji ýylda ýyl gutarmadan täze rekord habary gelip gowuşdy. Türkiýeden takmynan dünýäniň 80 ýurduna ýerine ýetirilen deňiz önümleri eksporty, ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 820 million 258 müň dollardan 34 göterimlik artyş bilen 1 milliard 97 million dollara ýetdi. Şeýlelik bilen geçen ýylyň 12 aýlyk döwründe amala aşyrylan eksportdan geçildi.



Degişli Habarlar