Senagat Önümçilik Indeksi 8,9 Göterim Artdy

Türkiýäniň senagat önümçiligi indeksi sentýabr aýynda aýlyk mukdarda 8,9 göterim ösdi.

1733008
Senagat Önümçilik Indeksi 8,9 Göterim Artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy sentýabr aýyna degişli senagat önümçiligi indeksiniň netijelerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda sentýabr aýynda kesgitlenen senagat önümçiligi geçen ýylyň degişli aýyna görä 8,9 göterim ösdi.

Senagatyň aşakky pudaklary seljerilende sentýabr aýynda magdançylyk we daş-kömür känleri pudagynyn indeksi geçen ýylyň degişli aýyna görä 7,9 göterim, önümçilik pudagynyň indeksi 9,7, elektrik togy, tebigy gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi pudagy 1 göterim ösüş etdi.

Senagat önümçiligi indeksi bolsa ýyllyk mukdarda 8,82 göterim ösdi.



Degişli Habarlar