Türkiýäniň Italiýa Eksport Rekord Derejede Artdy

Türkiýäniň Italiýa edýän eksporty oktýabr aýynda rekord derjä ýetdi

1730533
Türkiýäniň Italiýa Eksport Rekord Derejede Artdy

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezijilerine görä Türkiýäniň eksporty geçen aý 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,2 göterim ýokarlap, 19,07 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýe oktýabr aýynda Italiýa eden eksporty bolsa aýlyk mukdarda rekord derejä ýetdi. İtaliýa edilen eksport okýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24 göterim ýokarlap, 1,026 milliard dollara ýetdi.

Şeýlelikde Itaiýa Türkiýäniň eksport edýän ýurtlarynyň hatarynda 4-nji orny eýeledi.

Italiýa geçen aý edilen eksportda awtoulag senagaty esasy ýer tutdy. Awtoulag senagaty pudagyndan oktýabr aýynda İtaliýa edilen eksportuň mukdary 236,122 000 dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar