Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesi Dörediler

Iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin degişli taýarlyklar dowam edýär

1729175
Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesi Dörediler

Türkiýäniň Paragwaý bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maskady bilen Paragwaýyn paýtagty Asunsonda “Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesiniň” döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Türkiýäniň Asunsondaky Ilçihanasyndan alynan maglumata görä Paragwaýyň Senagat we söwda ministri Luis Kastiglioni Türkiýäniň Paragwaýdaky Ilçisi Serhat Akseniň, paragwaýly işewürleriň, Paragwaýyň Stambuldaky Hormatly Konsuly we işewür adamy Jengiz Dewejiniň hem-de Paragwaýda akkreditirlenen Söwda geňeşçisi Biraý Kuşuň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Maslahatda Asunsonda “Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesiniň” döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Mesele boýunça maglumat beren Türkiýäniň Paragwaýdaky Ilçisi Aksen, Paragwaý bilen ykdysdy we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallaryny dowam etdirýändiklerini, söwda mukdarynyň ýylyň dowamynda artýandygyny beýan etdi.

Aksen iki ýurduň arasynda bar bolan potensialyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin Paragwaýyň Senagat we söwda ministrligi hem-de Maýa goýum gullugy REDİEX bilen gepleşikler geçirendiklerini, gepleşikleriň netijesinde gatnaşyklary hasam ösdürmek üçin söwda birleşmesiniň döredilmegi hakynda karar kabul edilendigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklary geňeşiniň çäginde Türkiýe-Paragwaý İşewürler Geňeşiniň döredilmegi üçin taýarlyklaryň tamamlanyp barýandygy, gelejekde iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösjekdigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar