ÝB Ukraina 600 million ýewro maliýe kömegini berdi

Ýewropa Bileleşiginiň koronawirus epidemiýasynyň ykdysady täsirlerine garşy Ukraina 600 million ýewro maliýe kömegini berendigi habar berildi

1724598
ÝB Ukraina 600 million ýewro maliýe kömegini berdi

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy Ukraina Kowid-19-yň ykdysady täsirlerine garşy taýarlanan makro-maliýe goldaw programmasynyň çäginde täze kredit kömeginiň berilendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň döwlet maliýesi, dolanşyk, hukugyň üstünligi, zähmet gurşawynyň gowulaşdyrylmagy, pudaklaýyn özgertmeler we jemgyýetçilik bölümleri bilen baglanşykly degişli wadalaryny ýerine ýetirendigi bellenen beýanatda, ÝB-niň goldaw programmasynyň çäginde Ukraina 600 million ýewro maliýe kömegini berendigi aýan edildi. 

Beýanatda ÝB-niň amala aşyrylan biri-birinden tapawutly maliýe goldaw programmalarynyň çäginde Ukraina jemi 4,4 milliard ýewro kredit berendigi habar berildi. 

ÝB golaýyndaky ýurtlara ykdysady krizis zamanynda makro-maliýe goldaw berip bilýär. 

Ady agzalan kreditleriň ÝB tarapyndan berilmegi üçin käbir şertleriň ýerine ýetirilmegi gerek. 


Etiketkalar: #maliýe , #kredit , #Ukraina , #ÝB

Degişli Habarlar