Türkiýäniň Sitrus Önümleriniň Eksporty 15 Göterim Artdy

Sitrus önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe bolsa 15 göterim artyp 840 müň 216 tonna ýetdi.

1723743
Türkiýäniň Sitrus Önümleriniň Eksporty 15 Göterim Artdy

Türkiýäniň 9 aýlyk sitrus eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14 göterim artyp 427 million 29 müň dollara barabar boldy.

Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 727 müň 601 tonna sitrus önümi eksport edildi. Sitrus önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe bolsa 15 göterim artyp 840 müň 216 tonna ýetdi.

Geçen ýylyň 9 aýlyk döwründe 373 million 678 müň dollarlyk sitrus önümi eksport edildi. Eksport 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 14 göterim artyp 427 million 29 müň dollara barabar boldy.

Sitrus önümleriniň eksportunda Russiýa 150 million 456 müň dollar bilen birinji, 71 million 959 müň dollar bilen Yrak ikinji, 32 million 438 müň dollar bilen Ukraina üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #eksport , #sitrus

Degişli Habarlar