Türkiýe-Afrika Ykdysady we Işewürler forumy şu gün geçiriler

Söwda ministrliginden berilen beýanata görä, foruma 41 ýurtdan 250-den gowrak resmi wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar

1722458
Türkiýe-Afrika Ykdysady we Işewürler forumy şu gün geçiriler

Türkiýe-Afrika Ykdysady we Işewürler forumynyň 3-njisi Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda we Söwda ministri Mehmet Muşyň ýer eýeçilik etmeginde şu gün Stambulda geçiriler. 

Söwda ministrliginden berilen beýanata görä, foruma 41 ýurtdan 250-den gowrak resmi wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Günorta Sudanyň Wise-prezidenti Jeýms Wani Igga bilen 29 ministr we 8 wise-premýer bar. 

Foruma mundan başgada 4 sebitleýin guramadan 2 ýolbaşçy gatnaşar. 

Forumyň çäginde Türkiýäniň we Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly ediljek ädimleriň ele alynjak "Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygyny berkitmek: Söwda, maýa goýum, tehnologiýa we logistika" temaly ministrler derejesindäki maslahatyň geçirilmegine garaşylýar. 

Ady agzalan foruma Türkiýeden we Afrika ýurtlaryndan takmynan 2 müň işewür adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar