Türkiýe-Afrika Gatnaşyklary Pugtalanýar

“2003-nji ýylda Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky söwda mukdary 2020-njy ýylda 25,3 milliard dollara çenli baryp ýetdi”

1722967
Türkiýe-Afrika Gatnaşyklary Pugtalanýar

Söwda ministri Mehmet Muş, Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň 2003-nji ýylda Afrika ýurtlary bilen baglaşylan  söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi şertnamasyndan soň artmaga başlandygyny nygtady.

Türkiýe-Nigeriýa işewürler maslahatynda çykyş eden ministr Muş, Afrika ýurtlary bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini ýatlatdy.

Ministr Muş “2003-nji ýylda Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky söwda mukdary 5,4 milliard dollara barabar bolan bolsa şol san 2020-njy ýylda 25,3 milliard dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.

Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna edýän eksportynyň 2 milliard dollardan 15 milliard dollara ýetendigini ýatladan Muş, importyň bolsa 3 milliard dollardan 10 milliard dollara çenli baryp ýetendigini belledi.

 



Degişli Habarlar