Türkiýäniň Nar Eksporty 19 Göterim Artdy

Nar eksporty 19 göterim artyp 68 million 966 müň dollara barabar boldy.

1719165
Türkiýäniň Nar Eksporty 19 Göterim Artdy

Türkiýäniň 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürdäki nar eksporty, geçen ýylyň ady agzalýan döwrüne görä, 19 göterim artyp 69 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň nar eksporty 2020-njy ýylda 126 million dollara barabar bolupdy.

Üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe bolsa nar eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim artyp 68 million 966 müň dollara barabar boldy.

Nar eksportunda 20 million dollar bilen Yrak esasy orun eýeledi.

Eksport sanawynda 17,2 million dollar bilen Russiýa ikinji, 6,4 million dollar bilen Germaniýa üçünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #Yrak , #eksport , #nar

Degişli Habarlar