Senagat Önümçiligi 5,4 Göterim Artdy

Senagat önümçilik indeksi awgust aýynda 5,4 göterim, ýyllyk mukdarda bolsa 13,8 göterim ösüş etdi

1718241
Senagat Önümçiligi 5,4 Göterim Artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy awgust aýynyň senagat önümçilik indeksiniň netijelerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda sap senagat önümçiligi awgust aýynda, iýul aýyna görä 5,4, ýyllyk mukdarda bolsa 13,8 göterim ösüş etdi.

Senagatyň aşakky pudaklary seljerilende bolsa, awgust aýynda magdançylyk we daş-kömür pudagy geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,4, önümçilik senagatynyň indeksi bolsa 14,2 we elektrik, gaz, bug hem-de yklymlandyryş önümçiligi 9,4 göterim ösüş etdi.



Degişli Habarlar