THÝ, Ýewropada Iň Köp Uçar Saparyny Guran Ikinji Firma Boldy

Rýanair 2 müň 316 uçar sapary bilen Ýewropa ýurtlarynda iň köp uçar saparyny guran firma boldy.

1717771
THÝ, Ýewropada Iň Köp Uçar Saparyny Guran Ikinji Firma Boldy

Türk howa ýollary günde 1 müň 185 uçar sapary bilen Ýewropada iň köp uçar saparyny guran ikinji firma boldy.

Ýewropa howa gatnawy gullugynyň oktýabr aýynyň 4-10-y aralygynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilerine görä, bir hepde-de Ýewropada jemi 162 müň 853 uçar sapary guraldy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde girizilen çäklendirmeleriň bes edilmegi bilen Irlandiýanyň Rýanair firmasy günde 2 müň 316 uçar sapary bilen Ýewropa ýurtlarynda iň köp uçar saparyny guran firma boldy.

THÝ günde 1 müň 185 uçar sapary bilen ikinji, Easyžet 1 müň 23 sapar bilen üçünji orny eýeledi.

Pegasys howa ýollary bilen sanawda 454 uçar sapary bilen onunjy orny eýeledi.



Degişli Habarlar