Standard&Purs Türkiýe Boýunça Çaklamalaryny Ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standard &Purs Türkiýe boýunça 2021-nji ýyl üçin ykdysady ösüş çaklamasyny 6,1 göterimden 8,6 göterime çenli ýokarlandyrdy.

1711647
Standard&Purs Türkiýe Boýunça Çaklamalaryny Ýokarlandyrdy

Guramanyň çap eden “Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika Sebiti boýunça 2021-nji ýylyň 4-nji çärýegine degişli habarnamasynda sebitdäki ösýän ykdysadyýetleriň çaklanylýanyndan has güýçli ykdysady ösüş potensialyna eýedigi beýan edilýär.

Habarnama görä Türkiýede ykdysady görkezijiler ozal çaklanylandan has ýokary. 2021-nji ýyl üçin Türkiýe boýunça ykdysady ösüş çaklamasy 6,1 göterimden 8,6 göterime ýokarlandyrdy.

Standard&Pursyň habarnamasynda tomus aýlarynda halkara syýahatçylyk pudagynyň beýleki pudaklara garalanda gysga möhletde ösüş edendigi nygtalýar.

Habarnamada aýratynam 2021-nji ýyl üçin Polşanyň ösüş çaklamasy 4,5 göterimden 5,1 göterime, Russiýanyňky 3,7 göterimden 4 göterime, Günorta Afrikanyň ösüş çaklamasy 4,2 göterimden 4,6 göterime çykarylandygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar