Türkiýäniň çaý eksporty artýar

Türkiýe şu ýylyň ilkinji 8 aýynda dünýäniň 110 ýurdyna 11,9 million dollarlyk çaý eksport etdi

1707882
Türkiýäniň çaý eksporty artýar

Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda dünýäniň 110 ýurdyna amala aşyran eksportyndan 11 million 898 müň 412 dollar girdeji aldy. 

Ýurtdan şu ýylyň 8 aýlyk döwründe 3 müň 49 tonna çaý eksport edildi. Ady agzalan eksportdan 11 million 898 müň 412 dollar girdeji alyndy. 

Belgiýa, Germaniýa, ABŞ, DKTR, Fransiýa we Gollandiýa çaý söwdasyndan iň köp girdeji alynan ýurtlar boldy. 

Şol wagt aralygynda Belgiýa 4 million 868 müň 731 dollarlyk, Germaniýa 1 million 210 müň 136 dollarlyk, ABŞ-na 810 müň 115 dollarlyk, DKTR-na 510 müň 145 dollarlyk, Fransiýa 494 müň 672 dollarlyk, Gollandiýa bolsa 465 müň 285 dollarlyk çaý satyldy. 


Etiketkalar: #dünýä , #Türkiýe , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar