“Türkiýede Soňky 10 Ýylyň Iň Ýokary Ykdysady Ösüşi Mümkin”
“Fitch” Global ykdysady panorama habarnamasynyň sentýabr aýyndaky sanyny çap etdi.

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitch Ratings” Türkiýe üçin şu ýylky ösüş çaklamasyny 7,9 göterimden 9,2 göterime çykardy.
“Fitch” Global ykdysady panorama habarnamasynyň sentýabr aýyndaky sanyny çap etdi.
Habarnamada üpjünçilik kynçylyklarynyň ösüş depginine ýaramaz täsir ýetirýändigine üns çekilip, ABŞ-nyň we Hytaýyň ykdysadyýetleriniň şu ýylky ösüş performanslary boýunça çaklamalaryň aşakladylandygy, Ýewro giňişligi, Türkiýe, Polşa, Meksika, Russiýa we Günorta Afrika üçin bolsa ösüş çaklamalarynyň ýokarlandyrylandygy nygtalýar.
Türkiýedäki ykdysady ösüşiň dowam edýändigine üns çekilýän habarnamada, üstümizdäki ýylda ediljek 9,2 göterimlik ösüş bilen soňky 10 ýylyň tas iň ýokary ykdysady ösüşiniň ediljekdigine üns çekilýär.
Degişli Habarlar

“Türkiýe, Daşary Ýurtly Maýadarlar Üçin Ynamdar Port Bolmaga Dowam Edýär”
Prezident Erdogan, Türk-Amerikan işewürler geňeşi tarapyndan berlen nahara gatnaşdy.